Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi

Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi

"The Wall Street Journal" gazedi tarapyndan berilen habara görä, amerikaly resmiler Ysraýylyň Gazadaky Hamasa degişli tunellere deňiz suwuny guýmak meýilnamasyny durmuşa geçirmäge başlandygyny aýan etdiler.

Resmiler tunellere deňiz suwuny guýmak işleriniň 7 aýry nasos ulgamy bilen durmuşa geçiriljekdigini we ençeme hepde dowam etjekdigini beýan etdiler.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi mesele bilen bagly beýanat bermekden saklanandygy, tunellere garşy geçirilýän operasiýalaryň gizlindigini aýtmak bilen çäklenendigi habar berildi.

Ozal beýannama beren käbir resmiler, deňiz suwunyň tunellere guýulmagynyň Gazadaky arassa agyz suwuny hapalajakdygyny we infrastruktura zeper ýetirjekdigini belläpdiler.

Ysraýyl sebitde takmynan 800 tuneliň anyklanandygyny, emma tunel torunyň anyklanan mukdardan has uludygyny öňe sürüpdi.

Ýene degişli makalalar

Honda we Nissan goşulyşmakçy bolýarlar
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi
“Netflix”-iň abunaçylary artýar