Gazadaky hökümediň Metbugat ofisinden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň goşunynyň howa hüjümleri bilen Gaza zolagyndaky goragsyz halky bombalamaga dowam edýändigi mälim edildi.
Ysraýylyň düýn guran 34 aýry howa hüjüminde 71 palestinalynyň ýogalandygy, onlarça palestinalynyň ýaralanandygy bellenen beýanatda, Gazada asuda ilaty we infrastrukturany nyşana alan bu hüjümleriň Ysraýylyň gara sanawyna goşulan elhenç jenaýatlardygy aýan edildi.
Beýanatda Ysraýylyň soňky 24 sagatda guran howa hüjümlerinden soň şonsuz hem örän çäkli mümkinçiliklere eýe bolan hassahanalaryň ýaralanan adamlar bilen dolandygy we Ysraýylyň goşunynyň raýat goranyş toparlarynyň ýogalan adamlary tapmak üçin edýän tagallalaryna päsgelçilik döredýändigi habar berildi.
Demirgazykdaky Gaza şäheri başda bolmak bilen ençeme sebite garşy guralan howa hüjümlerinde ýogalan adamlaryň jesetleriniň häzirki wagtda-da köçelerde we harabalyklaryň aşagyndadygy, Ysraýylyň ýogalan adamlary ýygnamaga böwet bolup, halkara hukugyň düzgünlerini bozmaga dowam edýändigi bellenen beýanatda, mundan başgada Ysraýylyň goşunynyň 454 gün bäri Gaza zolagyndaky Palestinanyň halkyna garşy genosid jenaýatyny dowam etdirýändigine ünsler çekilip, halkara jemgyýetden jogapkärçiliklerini ýerine ýetirip, Palestinanyň halkyna garşy alnyp barylýan bu urşuň bes edilmegi talap edildi.