Ysraýylyň Gazada Hassahana Guran Hüjümi Berk Ýazgaryldy

Ysraýylyň Gazada Hassahana Guran Hüjümi Berk Ýazgaryldy

Türkiýe, Ysraýylyň Gazada Beýt Lahýa sebitindäki hassahana guran howa hüjüminde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat onlarça palestinalynyň öldürilmegini berk ýazgardy.

Daşary işler ministrligi, ganhor Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini ýazgarýan beýannama berdi.

Beýannamada, “Ysraýylyň Gazanyň demirgazygynda Beýt Lahýa etrapçasynda hassahana guran howa hüjüminde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat onlarça palestinalynyň öldürilmegini berk ýazgarys” diýildi.

Beýannamada Ysraýylyň hüjüm ediji syýasatyna goldaw berýänleriň şol jenaýata şärikdikleri nygtaldy.

Ysraýylyň Gazanyň demirgazygynda Beýt Lahýa etrapçasyndaky Kemal Adwan hassahanasyna guran 2 howa hüjüminde 88 adam ýogalypdy, 100-den gowrak adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Gazalylar Öýlerine Dolanýar
Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n