Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň Gazada guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 295 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 88 müň 241 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 278 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada 4 aýry gyrgynçylyk edendigi, guralan hüjümlerde ýene-de 52 palestinalynyň ýogalandygy, 208 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 38 müň 295 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 88 müň 241 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ysraýylyň Gaza zolagynyň Han Ýunus şäherinde öz ýaşaýan ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň sygynan mekdebe guran hüjüminde bolsa 30 palestinaly ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Ysraýyly Gazada ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi
Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 41 müň 118-e ýetdi
Ysraýyl Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýyl Gaza zolagynda palestinalylara hüjüm guramaga dowam edýär