Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 5 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 5 palestinaly ýogaldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň harby uçarlary Gaza şäheriniň merkeziniň gündogaryndaky Sahabe etrapçasynda 2 aýry öýi bombalady.

Hüjümlerde azyndan 5 palestinaly ýogaldy, köp sanda palestinaly ýaralandy.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Ad-Durj etrapçasyndaky öýleriň birini bombalamaklary netijesinde bolsa aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan azyndan 6 adam ýaralandy.

Ysraýyl Gaza zolagynyň merkezindäki Al-Migraka etrapçasynda bolsa köp sandaky binany partlaýjylar bilen ýumurdy.

Gazadaky halk hem goranyş toparlaryň kömegi bilen Ysraýylyň Han Ýunus şäheriniň gündogaryndaky Beni Süheýla etrapçasynda bombalan öýleriň harabalyklarynyň aşagyndan köp sanda adamyň jesedini çykardylar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazada guran hüjüminde TRT-niň işgäri ýaralandy
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky gyrgynçylygyny dowam etdirýär
Ysraýyl Gazada asuda ilatyň sygynan mekdebe hüjüm gurady
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 16 Palestinaly Ýogaldy
Gazada Guralan Soňky Hüjümlerde 37 Palestinaly Ýogaldy
Ysraýylyň Palestina Hüjümleri Dowam Edýär
Gaza Sektorunda Çaga Ysmazy Boýunça Sanjym Kampaniýasy Dowam Edýär