Ysraýylyň Gazada guran hüjüminde ýogalan palestinalylaryň sany 41 müň 20 adama ýetdi

Ysraýylyň Gazada guran hüjüminde ýogalan palestinalylaryň sany 41 müň 20 adama ýetdi

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 340 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 32 palestinalynyň ýogalandygy, 100 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 20 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 94 müň 925 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyly Gazada ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Ysraýyl Gaza zolagynda palestinalylara hüjüm guramaga dowam edýär
Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gaza zolagyndaky hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýyl Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär