
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de 163 adamyň ýogalandygy we 305 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.
Hüjümleriň netijesinde ýumrulan binalaryň aşagynda entegem adamlaryň bardygy bellenen beýanatda, raýat goranyş we tiz kömek gulluklarynyň olara kömek berip bilmeýändigi aýan edildi.
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna 7-nji oktýabrda başladan we häzirki wagtda hem dowam edýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 24 müň 448 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 61 müň 504 adama ýetdi.
Beýleki tarapdan Ysraýylyň goşuny düýn gije Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde Nasyr hassahanasyny bombalamagyny dowam etdirdi.
Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrylan düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýyla garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda hüjüm gurapdy.
Ysraýylyň goşuny bolsa oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny beýan edipdi.
Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy 7-nji oktýabrda başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli öldürilen palestinalylaryň sany 24 müň 448 adama ýetdi.
Çaknyşyklara berilen ynsanperwer arakesmede 81 ysraýylly we 240 palestinaly ikitaraplaýyn häsýetde azat edilipdi.