Ysraýylyň Gaza hüjümleri

Ysraýylyň Gaza hüjümleri

Ysraýyl 7-nji oktýabrdan soň Gaza garşy alyp barýan agyr söweş kampaniýasy sebäpli döredilen gününden bäri eline geçen iň uly pursatdan peýdalanyp bilmedi, ýa-da peýdalanmak islemedi. Häziki wagtda 1948-nji ýyldan soň başdan geçirmedik derejede ontologik howpsuzlyk çökgünligine we hukuk derejesi boýunça çuňňur aladany başdan geçirýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýyl 7-nji oktýabrdan soň birnäçe tarapda zyýan çekýän ýurt we gelejekki ýyllarda hem şonuň bilen ýaşamaly bolar. 7-nji oktýabryň strategik netijelerinden biri hem howpsuzlyk bilen bagly.Harby perspektiwadan garalanda Ysraýylyň howpsuzlyk doktrinasynyň 4 sütüni bar. Şolaryň esasysy harby ýüzöwrüdijilikdir. Ýüzöwürdijilik döwletleriň goranyşdan ozalky esasy ýaragydyr. 7-nji oktýabrdaky hüjümler we Ysraýylyň goşunynyň söweşiň yzgiderliligi taýdan ejizligi, ýüzöwürdijilik mifiniň çökmegine sebäp boldy.

Beýleki bir faktor bolsa öňünden duýduryşdyr. Önünden duýduryş, döwletiň ähli howpsuzlyk ukybynyň saýasynda duşmanyň hereket usulyny önünden bilme ukybyna esaslanýar. 7-nji oktýabr 1973-nji ýylda bolşy ýaly Ysraýylyň öňünden duýduryş ukybynyň kämil däldigini görkezýär.

Ysraýylyň howpsuzlyk doktrinasynyň beýleki faktory hem goranyş.Goranyş, ýüzöwürdijilik netije bermän, agressiýanyň başlan halatynda goşunyň birinji derejeli güýç hökmünde goranyşy üpjün ediji ukyplaryň jemini aňladýar.Ysraýylyň goşuny hem 7-nji oktýabrda goranyş borjuny berjaý edip bilmedi hem-de hakyky goşun ýaly Gazada söweşden kynçylyk çekdi.

Howpsuzlyk doktrinasynyň dördünji sütünini doly ýeňiş emele getirýär.

Doly ýeňiş, duşmanyň gaýtadan güýçlenmegini we hüjüm etmegini doly ortadan aýyrýan jedelsiz harby ýeňişi aňladýar. Ysraýylyň Gazadaky söweşiň strategik maksady Hamasy ýok etmek hökmünde yglan edilen hem bolsa, onuň hötdesinden gelip bilmändigi görülýär. Şol sebäpli Ysraýylyň hökümeti “ýok etmekden” el çekip, ejizletmegi nazarda tutýan strategik üýtgetme etdi.

Konwensional söweşiň we söweş şertleriniň üýtgemegi, söweşiň taraplaryndaky we tebigatyndaky özgerlişigiň ýüze çykaran täze dinamikalary Ýakyn Gündogaryň geljeginde Ysraýylyň ýüzöwürdijiliginiň hakykatdan hem netije berip-bermejekdigi bilen bagly soraglary ýüze çykardy.

Ysraýylyň ýitgileri diňe bir harby ýitgilerden ybarat däl.döwletleriň bähbitlerini we gorkularyny goldaýan esasy faktorlar rasional hem-de dünýewi däl, eýsem digini bolan halatynda, şol ýurduň halkara gatnaşyklaryň adaty agzasy ýaly çemeleşmegi mümkin däldir.

Mysal üçin DAEŞ muňa mysal bolup biler.Bähbitlerini we gorkularyny goldaýan şertleri dünýeji däl, dinidir. Şol sebäpli özüni haýsydyr bir kada tabyn duýmaz.Ysraýylyň Gaza harby söweş hukugyna bap gelmeýän hüjümleri, Ysraýyly halkara hukugyň daşynda hereket edýän döwlete öwürdi. 7-nji oktýabrdan soň edilen “Gaza genosidi” aç-açan ýagdaýda Ysraýyly genosid eden ýurda öwürdi.

Ol taryhy tragediýa bolşy ýaly, gelejekde-de Ysraýylyň halkara reputasiýasynyň aýrylmasyz bölegi bolar.Netijede Gaza söweşi Ysraýylyň halkara hukugynyň kadalaryna özüni tabyn etmeýän we söweşi dinileşdiren radikal ýurt hökmünde kodlanmagyna sebäp boldy. Şeýlelikde global derejede Palestinany goldaýan Ysraýyla garşy ýörişler, Ysraýylyň global derejede ýalňyzlaşmagyna sebäp bolýar.

Kanunlara tabyn bolmadyk we aksiýalaryny mukaddesleşdirýän radikal döwlet hökmünde Ysraýylyň başga bir ýitgisi bolsa, öz jemgyýetinden daşlaşmagydyr. 7-nji oktýabr diňe bir Ysraýylyň döwlet hökmünde däl, jemygýet hökmünde-de howpsuzlyk duýgusyny hem düýpleý sarsdyryşy ýaly, taryhy taýdan hem “Ýehudi genosidi” arkaly çarçuwalanmagy howpsuzlyk we jemgyýetçilik aladalarynyň çuňlaşmagyna sebäp boldy.

Bu taýda beýleki esasy ýitgi bolsa, Ysraýylyň demokratik praktilardan günsaýyn daşlaşýan we radikalizmde awtoritarlaşýan ýurda öwrülmegidir.Siýasatyň esasy dinamikasynyň başgasyndan yzgiderli häsýetde ýokarda bolma we dowamlylyk hökmünde iş ýüzüne geçirilýän ýerinde, syýasatyň we jemgyýetiň kadalaşmagy mümkin däldir.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan soň başdan geçirjek tapgyry hem şuňa meňzeş bolar. Şol çäkde Ysraýylda syýasy durmuş günsaýyn radikallaşar, syýasy diskurslar hasam güýçlener we jemgyýetçilik sfera milletçi ýehudi şahsyýetine laýyklykda gaýtadan şekillendiriler.

Ol hem Ysraýyly Palestina meselesinde has güýçli pozisiýa itiklär we iki döwletli çözgüt çykgynsyz ýagdaýa düşer.

Harby, syýasy we jemgyýetçilik ýitgileriň ýany bilen Ysraýylyň esasy ýitgisi sebitleýin derejede geosyýasy pozisiýasynda çekilýär. 7-nji oktýabrdan öň sebitleýin kadalaşma Ysraýylyň taryhy ýalňyzlygyny ýeňip geçmegi üçin strategik pursat döräpdi.

Gynansagam Ysraýylyň Palestina meselesine diňe özüniň üstün çykýan oýuny hökmünde garamagy, sebitleýin güýçlere duşmanlarça çemeleşmesi ýalňyzlaşmagyna sebäp bolýar.Arap-Ysraýyl gatnaşyklarynyň kadalaşmagy, sebitleýin ykdysady taslamalar we energetika pudagynda hyzmatdaşlyk taslamalarynyň başda durmagynda ençeme strategik pursat Gaza sebäpli puja çykdy.

Elbetde şeýle pursatlary ýüze çykmagy ýeňil bolmaýar.

Jemläp aýdanymyzda Ysraýylyň Gaza hüjümleri we deň bolmadyk basyşy; syýasatyny, jemgyýetini we onsuz hem ýaramaz bolan sebitleýin hem-de global abraýynyň peselmegine sebäp boldy. Ysraýyl Ýakyn Gündogarda geçmişe garalanda hasam ýalňyzlaşdy we howply ýurt boldy. Şeýlelikde Gaza 7 oktýabrdan ozalkysyna görä has gymmada düşmäge dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazanyň demirgazygyny bombalady, 8 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi
Hamas azat ediljek ýesirleriň sanawyny Müsüre berdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy