Ysraýylyň Gaza hüjümleri

Ysraýylyň Gaza hüjümleri

Ysraýylyň Gaza hüjümleri 13-nji gününi dolduran bolsa, urşuň gumanitar tarapy günsaýyn agyrlaşýar.ABŞ we beýleki günbatar ýurtlarynyň esasy böleginiň Ysraýyla alyp barýan hüjüm kampaniýasynda açyk goldaw bermegi Ysraýylyň aksiýalaryna çäksiz ýeňillik döredýär.

Ysraýyl we oňa çäksiz goldaw berýän ABŞ, sebitleýin durnuklylygy we global howpsuzlygy taryhy çykgynsyzlyga sezewar edýär. Ýakyn Gündogarda bolsa syýasy şertler barha özgerýär.Sebit ýurtlary heniz söweşi duruzmak üçin başlangyç edip bilmedi.

Ençeme ýurt teoriki häsýetden iş ýüzüne geçjek pozisiýa eýelemedi.Türkiýe bolsa Gazadaky Ysraýyl agressiwligine deňagramly sebitleýin syýasat alyp barýar. Şol jähtden Ankara söweşiň bes edilmegi we çykgynsyzlygyň giňelmeginiň öňüni almak üçin iň işjeň ýurtlardan biri.

Türkiýe hakykatçyl şertlerde hereket edip, sebitleýin dialogyň işjeň peýdalanylmagyny we gumanitar çemeleşmäni ileri tutýan syýasat alyp barýar.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Prezident Erdogan 7-nji oktýabrdaky ilkinji reaksiýasynda taraplary parasatly çemeleşmäge çagyryp, gazaply hereket etmekden çetde durmaklaryny isläpdi.Soň bolsa Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerini tankyt edip, çözgüdiň diňe 1967-nji ýyldaky serhetlerine çekilen, paýtagty Gündogar İýerusalim bolan we territorial bitewiligine eýe bolan Palestina döwletiniň gurulmagy bilen mümkin boljakdygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan iş gününiň esasy böleginde beýleki ýurtlaryň liderleri bilen gepleşikler geçirýär.

Şol çäkde şu günki güne çenli 18 döwlet ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Her telefon söhbetdeşliginde bolsa gumanitar ylalaşyk gazanyp, ynsanperwer geçelgäniň açylmagynyň we Ysraýylyň halkara hukuga laýyklykda hereket etmelidigini nygtady.

Daşary işler ministri Hakan Fidan hem ýokary derejeli diplomatiýa alyp barýar. Fidanyň maksady sebitleýin diplomatiýadan netijeli peýdalanyp, Ysraýylyň alyp barýan söweş kampaniýasynyň dessine bes etdirilmekden ybarat. Şol çäkde Müsüre, Liwana, Saud Arabystanyna, İordaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Katara, Paksitana we Eýrana saparlar edip, Ysraýylyň agressiwliginiň çäklendirilmegi we hakyky ylalaşygyň ýola goýulyp, hakykata laýyk çözgüdiň tapylmagy ugrunda ýokary tagalla edýär.

Fidanyň duşuşyklarda nygtaýan hususlarynyň arasynda iň bir üns çekiji tarapy bolsa Palestina meselesiniň çözgüdi boýunça hakykatçyl we açyk diskursdan peýdalanmagy. Palestina meselesi çözülmese Ysraýylyň sözüň doly manysynda howpsuz bolmajakdygyny nygtaýan Fidan, Ysraýylyň basybalyjy pozisiýasyna ünsi çekýär.

Şonuň üçin 1967-nji ýyldaky serhetlerine çekilen, territorial bitewiligi üpjün edilen, paýtagty Gündogar İýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagynyň sebitiň iň gyssagly meselesidigini beýan edýär. Ol Türkiýäniň Palestina-Ysraýyl çaknyşygynda eýeleýän döwlet pozisiýasy we halkara hukugynyň hem çözgüt hökmünde öňe sürýän çemeleşmesi.

Türkiýäniň töwellaçylyk işleri bolsa diplomatiýanyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýar. Ylkinji maksat Hamas tarapyndan zamun alynan Ysraýylyň we beýleki döwletleriň raýatlarynyň boşadylyp, gepleşik üçin güýçli şert döretmek. Türkiýäniň Hamas bilen bolan gepleşik kanallary we bar bolan tejribeler bu ugurda ýeňilleşdiriji pozisiýa eýelemegine mümkinçilik berýär.

Beýleki bir mesele bolsa Fidan tarapyndan beýan edilen Türkiýäniň kepillik pozisiýasyny eýeleme ähtimallygy. Türkiýäniň degişli bolmagynda köptaraply kepillik mehanizmi hüjümler bes edilenden soň onuň dowam etmegini kepillendirmegi özünde jemleýär.

Beýleki bir husus bolsa meseläniň sebitleýin kadalaşma tapgyryny ortadan aýyrma howpy we täze bir sebitleýin howpsuzlyk çökgünliginiň ýüze çykmagyna sebäp bolma ähtimallygy.ABŞ-nyň Ysraýyl berýän açyk syýasy we harby goldawy hem-de hamala sebit ýurtlaryny harby taýdan ýüz öwürtmek üçin harby güýjüni sebite mobilizlemegi, söweşiň diňe bir Gaza bilen çäkli galmazlyk howpuny artdyrýar we beýleki taraplary hem içine çekme ähtimallygyny artdyrýar. Şeýle ähtimallyk Türkiýe üçin täze bir sebitleýin howpsuzlyk çökgünligi manysyny aňladýar. Şeýlelikde Türkiýe üçin hüjümleriň bes edilmegi we Ysraýylyň hüjümlerini bes etmegi sebitleýin howpsuzlygyň hasam agyrlaşmagynyň öňüni aljak başlangyç bolar.

Soňky bir ähtimallyk bolsa Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda söweşden ozal depgini ýokarlan kadalaşma tapgyryny ortadan aýyrma ähtimallygy.

Prezident Erdogan bu meselede deňagramly çykyş edip, Türkiýäniň çökgünligiň ortadan aýyrlmagyny ileri tutýandygyna garamazdan, çökgünlik agyrlaşdygy saýyn we Ysraýylyň hüjümleri möwç aldygyça kadalaşmanyň ýene-de tekçelere dolanyp barma ähtimallygy ýüze çykýar.

Şol sebäpli 7-nji oktýabrdan soň sebitleýin şertleriň nähili boljakdygy möhüm. Sebäbi Türkiýe-Yraýyl gatnaşyklary ondan garaşsyz seljerilip bilinmez.

1. Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynyň kadalaşmagy 7-nji oktýabrdan soň täze şertlere laýyklykda dowam etmeli bolar. Eýsem 7-nji oktýabrdan ozal hem kadalaşma bilen bagly tamalar iňňän ýokarydy. Ne energetika meselesi ne-de beýleki geosyýasy meseleler gatnaşyklaryň kadalaşmagyny ýekelikde ýola goýjak itikleýiji faktorlar däl.

2. Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklary ABŞ-Ysraýyl gatnaşyklaryna meňzeş ýaranlyk gatnaşygy bolmady. 1990-njy ýyllarda başdan geçirilen hamala altyn döwrüň gaýtalanmagy hem mümkin görünmeýär.

3. Yki ýurtdaky daşary syýasat pramagtizminiň çäkleri bar. Eýsem Türkiýäniň eýe bolan ahlak pragmatizmi bilen Ysraýyldaky çäksiz pragmatizzm iki ýurduň gatnaşyklarynyň maksimum derejede dowam etdirilmegini üpjün edýän dinamika hökmünde dowam edýär. Gatnaşyklaryň Palestina meselesi sebäpli çuňlaşmagynyň öňüni alýardy. Şeýlelikde türk daşary syýasaty üçin iki meseläni biri-birinden aýyrmak iňňän kyn.

4. Türkiýede jemgyýetiň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy bilen Palestina meselesiniň arasyndan birini saýlamaly bolanda Palestina meselesini saýlap aljakdygy ikiuçsyz. Ol Prezident Erdoganyň göz öňünde tutmaly esasy dinamikalardan biri.

Bularyň ählisi göz öňünde tutulanda Türkiýe çökgünligiň hasam agyrlaşmagynyň öňüni almak we hüjümleriň bes edilmegi üçin sebitde işjeň pozisiýa eýeleýän ýurtlaryň başynda durýar. Şertleriň agyrlaşmagynyň bolsa Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynyň kadalaşmagyny häzirlikçe ortadan aýyrmagy mümkin.

Yň esasysy bolsa, 7-nji oktýabrdaky we ondan soňky hüjümleriň Türkiýäniň daşary syýasatynda has giň möçberli kadalaşma tapgyryna täsir ýetirme potensialyna eýe bolmagy.Onuň gelejegini bolsa günbataryň Ysraýylyň arkasynda näçe wagt durjagyna we Ysraýylyň uruş we çaknyşyk kadalaryny näçe wagtlap görmediksirejekdigine bagly.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Müsüre Gider
Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Ysraýyl Gazanyň demirgazygyny bombalady, 8 palestinaly ýogaldy
UNRWA: "Her urşuň düzgüni bar, ýöne Gazada ähli düzgünler bozuldy" diýdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär