Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde 17 Müň Çaga Ýogaldy

Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde 17 Müň Çaga Ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 17 müňe golaý çaga ýogaldy.

Gazadaky hökümetiň metbugat gullugyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň 1 ýyla golaý wagt bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan çagalar hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 16 müň 859 çaganyň ýogalandygy nygtaldy. Ýogalan çagalardan 171-niň 2023-nji ýylyň 7-nji oktabryndan soň doglan çagalardygyna üns çekildi.

Beýannamada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynda 25 müň 973 çaganyň ene-atasyndan birini ýada ikisini ýitirendigi bellenildi. Şol çagalardan 12 müň 633-niň gyz, 13 müň 340-nyň oglandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň goşunynyň Gaza guran howa hüjüminde 5 palestinaly ýogaldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 29 Palestinaly Ýogaldy
Ysraýylyň Gaza Hüjümleri Dowam Edýär
Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi
Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ysraýyl Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär