Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Saglygy goraýyş çeşmelerinden alynan mglumata görä, Ysraýylyň goşuny palestinalylaryň sygynan Gaza şäherindäki at-Tabiin mekdebini nyşana aldy.

Hüjümde 3-si çaga 10 palestinaly ýogaldy, köp sanda palestinaly ýaralandy.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza şäheriniň gündogaryndaky Şujaiýýe etrapçasynda öýleriň birine guran hüjüminde bolsa 4 adam ýogaldy.

Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň demirgazygyndaky Beýt Lahiýa etrapçasynda ýerleşýän Adwan hassahanasynyň girelgesini bombalamagy netijesinde 3 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Şaýatlar Ysraýylyň harby uçarlarynyň Beýt Lahiýa etrapçasyna we Kemal Adwan hassahanasynyň töweregine hüjümler guraýandygyny, sebitde binalaryň birini nyşana alandygyny habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar
Ysraýyl 500 günden bäri Gazada genosid söweşini dowam etdirýär
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok