Ysraýylyň Gaza garşy guran soňky hüjümlerinde ýene-de azyndan 10 çaga ýogaldy

Ysraýylyň Gaza garşy guran soňky hüjümlerinde ýene-de azyndan 10 çaga ýogaldy

Palestinanyň WAFA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Ysraýylyň goşuny Gaza şäheri bilen Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäherinde 2 aýry öýe hüjüm gurady.

Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza şäheriniň merkezindäki ad-Derej etrapçasynda öýleriň birini bombalamagy netijesinde 10-y çaga azyndan 16 palestinaly ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Rafah şäherinde aş-Şair maşgalasyna degişli öýüň nyşana alynyp hüjüm guralmagy netijesinde hem 1 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza zolagynyň Jibaliýa we Zeýtun etrapçalaryna guran howa hüjümlerinde aralarynda çagalar hem bolan azyndan 21 palestinaly ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Türk zeýtun ýagynyň eksporty artýar
Milas Zeýtun Ýagy Sabyny
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Antalýa Piýazy
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi