Ysraýylyň Gaza düýn guran hüjümlerinde ýene-de 6 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň Gaza düýn guran hüjümlerinde ýene-de 6 palestinaly ýogaldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä Ysraýylyň goşunynyň düýn gije Gaza zolagynyň ortasyndaky Deýr al-Belah şäherine, Al Bureýj bosgun düşelgesine, Gaza zolagynyň demirgazygyndaky As-Sabra sebiti bilen As-Sahaba köçelerine hüjümler gurady.

Deýr al-Belah şäheriniň günortasyndaky Al-Bereke sebitinde ýaşaýan ýerlerinden göçürilen asuda ilatyň ýaşaýan çadyrlara guralan hüjümde 2 adam ýogaldy.

Sabra sebitinde guralan hüjümde häzirki wagta çenli 3 adamyň jesedi tapyldy.

Sahaba köçesinde öýleriň biriniň nyşana alynyp guralan hüjümde 1 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Bureýj bosgun düşelgesinde 12-nji bloga guralan hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy habar berildi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri ýumrulan binalaryň aşagynda galan adamlary çykarmak üçin baran adamlara ot açdy.

Ysraýylyň goşuny basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň tapawutly şäherlerinde geçiren reýdlerinde 10 palestinalyny göz tussaglygyna aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň sergisinde importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşi görkezildi
Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi
“Sahabatly” kompaniýasy süýt önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürýär
Türkmenistanda 2022-nji ýylda önümçilik desgalarynyň 20 sanysy işe girizildi
Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasy açylar, Hytaý awiakompaniýasy Aşgabada uçuşlaryny dikelder, Türkiýede ejir çekenler üçin Türkmenistandan 8 tonna golaý ynsanperwer kömegi iberildi we beýleki habarlar
Türkmen peýnir öndürijisi Sahabatly önümleriniň möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýär