Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…

Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…

Ysraýylyň Eýranda Hamasyň lideri Ismail Haniýýeniň janyna kast etmegi we Liwanda Hizbullahyň liderlerine guran hüjümleri bilen ýüzöwürdijiligi synagdan geçen Eýran, balistiki raketalar bilen Ysraýyla jogap beripdi. Ysraýyl hem Eýranyň hüjümine degişli gaýtawuly görkezdi. Garaşylşy ýaly uly hüjüm bolmasa-da Ysraýyl Eýranyň howa gyranyş ulgamlary bilen käbir harby merkezleri nyşana aldy. Ünsler Eýrana we resmi Tähranyň Ysraýyla berjek jogabyna gönükdi.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýyl hepdäniň ahyrynda Eýranyň hüjümine degişli gaýtawuly görkezdi. Yragyň we Siriýanyň howa giňişligini ulanyp 100-e golaý F-16, F-15 we F-35 harby uçarlary bilen 3 ugurdan Eýrana hüjüm gurady.

Gelip gowşan ilkinji wideo-ýazgylarda Eýranyň howa goranyş ulgamlarynyň, käbir harby merkezleriň, raketa we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary merkeziniň nyşana alynandygy görülýär.Eýranyň beren beýannamasyna görä hüjümde 5 adam ýogaldy.

Emma hüjümiň garaşylşy ýaly uly göwrümli bolmandygy, Ysraýylyň Eýrana çäkli hüjüm gurandygy nygtaldy.Bu ýerde elbetde ABŞ-nyň Ysraýyla eden basyşy we Eýrana guraljak operasiýada Ysraýyla goldaw bermezligi uly rol oýnady

Eýran bilen Ysraýylyň arasy1500 kilometr we Ysraýylyň tehniki mümkinçiligi hem çäkli.Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgalarynyň nyşana alynmagy baradaky teklibi ABŞ tarapyndan kabul edilmedi.ABŞ Ysraýylyň Eýranyň nebit desgalaryna hüjüm guramagyna hem rugsat bermedi we Netanýahu islän netijesini alyp bilmedi. Şol sebäpli hem Eýranyň berk reaksiýa görkezendigine garamazdan häzirki wagtda Ysraýylyň hüjümine degişli gaýtawul görkezmegine garaşylmaýar.

Bu ýagdaý hem gysga möhletde döwletara uly çaknyşyk ähtimallygyny azaldan esasy faktor boldy.Emma Ysraýyl hem Gazadaky hem-de Günorta Liwandaky basyp alyjy hüjümlerini dowam etdirip asuda ilaty gyrgyna bermäge dowam edýär.

Hamas bilen Hizbullah hem Ysraýylyň harby goşunyna uly zarba urýar.Ysraýyl üçin uly ýitgi çekýändigi sebäpli hüjümlerini dowam etdirmegi beýle aňsat bolmasa gerek.

Netanýahu we ýolbaşçylygyndaky söweş kabineti Tramp döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýar. ABŞ-nyň Tramyň ýolbaşçylygynda Ysraýyla uly goldaw bermegine garaşylýar, emma Eýran bilen göniden söweşiň bolmagyna garaşylmaýar. Sebäbi bu söweş ABŞ-nyň bähbitlerine bap gelmeýär

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”
Hakan Fidan Müsüre Gider
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi