Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň döwlet terroryna garşy durmagyň Türkiýe üçin milli meseledigini aýtdy.
Kojaelinde 21-nji Ymam Hatipliler gurultaýynda çykyş eden Prezident Erdogan, düýn basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde geçirlen parahatçylykly maksatly ýörişe gatnaşan we ysraýylly esgerleriň ot açmagy sebäpli kellesinden agyr ýaralanandygy sebäpli ýogalan türk meýletini Aýşenur Ezgi Eýgi hakynda durup geçdi.
Palestinalylaryň, Ramallahda we Gazada darajyk ýerde basyş astyndaky tutulýandygyny nygtan Erdogan, Ysraýylyň hem Günbatar Şeriada hem-de Gaza Sektorynda gyrgynçylyk etmek bilen şol ýerleri basyp almagy maksat edinýändigini belledi.
Prezident Erdogan “Ysraýyl düýn ýaşajyk perzendimizi Aýşenur Ezgi Eýgini öldürdi. Şu günki güne çenli 17 müňi çaga bolmak bilen bigünä 40 müň adamy öldürdiler.Ysraýyl Gaza bilen birlikde Ramallahy we beýleki ýerleri basyp almak isleýär.
Soň nobat sebitde ýerleşýän beýleki ýurtlara geler. Ýefrat bilen Tigr derýasynyň arasyndaky topraklarymyza dik dikerler.Muny her pursatda beýan edýärler.Biz şonuň üçin “Hamas, musulmanlaryň adyndan garşy durýar” diýýäris.
Ysraýylyň döwlet terroryna garşy durmak biziň üçin musulmanyň we imanyň esasy wezipesdir, watanyň esasy meselesidir.Elbetde bu milli meseledir.Musulman ýurtlary Ysraýyla garşy gyssagly herekete geçmeli” diýdi.