
Ysraýyl Gaza berilýän ynsanperwer kömegini bökdemäge dowam edýär.
Palestinanyň Gazadaky metbugat gullugyndan berlen beýannama görä, Ysraýylyň goýan çäklendirmeleri sebäpli soň iki günde sebite baran ynsanperwer kömek konteýnerleriniň sany 180-e ýetmedi. Bu garaşylýan mukdaryň 30 göterimine gabat gelýär.
Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşyga görä, Gaza günde ortaça 600 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň berilmegine garaşylýardy.
Beýleki tarapdan Müsür, halkara derejesinde Gazanyň gaýtadan dikilmegini göz öňünde tutýan meýilnama öňbaşçylyk edýär.
Daşary işler ministri Badr Abduletty, Kairde Amerikaly wekiliýet bilen bolan duşuşygynda palestinalylaryň öz topraklarynda galmanyň ähmiýetine ünsi çekendigini nygtady.