Ysraýylyň Beýruda guran hüjümlerinde soňky 24 sagatda 37 adam ýogaldy

Ysraýylyň Beýruda guran hüjümlerinde soňky 24 sagatda 37 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Axios habar platformasynyň ysraýylly 3 resmä esaslanyp beren habarynda, hüjümleriň nyşanasynda 27-nji sentýabrda ödlürilen Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallahyň bolup biljek mirasdüşeri Haşim Safiýuddiniň bolandygy öňe sürüldi.

Habarda 27-nji sentýabrda bolan partlamalardan has güýçli bolan hüjümleriň netijesiniň entek kesgitlenmändigi, Ysraýyldan bolsa mesele bilen bagly entek beýanat berilmändigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Liwanyň we Siriýanyň arasyndaky Al-Masna gümrük geçelgesi hem Ysraýylyň goşunynyň howa hüjümine sezewar galdy.

Hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada entek maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde 37 adamyň ýogalandygy, 151 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Beýrudy bombalaýar
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Ysraýyl Liwana hüjüm gurady
Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 105 Adam Ýogaldy