Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy

Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy

Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwiň günortasynda ýerleşýän Bat-Ýam şäherinde 3 awtobusda yzly-yzyna partlama boldy.

Ysraýylyň harby radiosynyň beren habarynda, Bat-Ýam şäherinde 3 awtobusda yzly-yzyna partlamanyň bolandygy ýatladyldy.

Partlamada adam pidasynyň çekilip-çekilmändigi hakynda bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, ýene-de 2 awtobusda partlajy maddasynyň tapylandygy we partlaýjylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin iş alnyp barylýandygy bellenildi.

Waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.

Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň partlamalar boýunça howpsuzlyk maslahatyny geçirjekdigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu Husilere Hemle Atdy
“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Ýüzlerçe adam Netanýahuny protest etmek üçin Tel-Awiwe ýöriş etdi
Ysraýylda Hökümete Garşy Protest Ýörişi Geçirildi