Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi

Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi

Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy Herzi Halewi geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi.

Ysraýylyň goşunynyň gabaw astyndaky Gaza sektoryna garşy hüjümlere taýardygyny aýdan Herzi Halewi, çaknyşyklara berilen ynsanperwer arakesmäniň taýarlyklary gözden geçirmek maksady bilen ulanýandyklaryny belledi.

Halewi Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky ýesirleriň ählisiniň azat edilýänçä çenli durmajakdygyny aýtdy.

Goşunyň Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam toparynyň 7-nji oktýabrdaky hüjümleri bilen bagly meýilnamalary barada razwedka maglumatlarynyň bolandygy, emma ýokary derejeli ofiserleriň orunbasarlarynyň duýduryşlara üns bermändigi baradaky käbir habarlar bilen baglanşykly Halewi, Gaza garşy hüjümlerden soň ähli zadyň derňeljekdigini beýan etdi.

Harby Razwedka müdürligi bilen birlikde tutuş Ysraýylyň goşunynyň 7-nji oktýabrda şowsuzlyga duçar bolandygyny aýdan Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy Herzi Halewi onuň bilen baglanşykly giň gerimli derňewiň geçiriljekdigini, emma häzirki wagtda Gaza garşy hüjümlere üns berilmelidigini belledi.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy "Aksa Tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny mälim edipdi.

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" operasiýasyny başladandygyny habar beripdi.

Başdan geçirilen dartgynlykda aglabasy çaga bolan 15 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Wan welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi