Ysraýylylara 120 Müňden Gowrak Ýarag Paýlandy

Ysraýylylara 120 Müňden Gowrak Ýarag Paýlandy

Ysraýylyň aşa sagçy Milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri ysraýyllylara 120 müňden gowrak ýaragyň paýlanandygyny we ýaraglanmanyň dowam etjekdigini aýtdy.

Ben-Gwir, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Raýatlarymyza120 müňden gowrak ýarag paýladyk we ýene-de onmüňlerçe adama ýarag paýlanmagy üçin şertli goldaw aldyk” diýdi.

Ysraýylly ministri “Elbetde tankydy bellikler aldyk. Emma Ysraýyly ýaraglandyrmaga dowam ederis” diýip belledi.

Ben-Gwir, Gazadaky ysraýylly ýesirler öýlerine dolanýança, Gaza Sektorynda, Liwanda, Eýranda, Günbatar Şeriada we duşmanyň aýagyny basan her ýerinde ýeňiş gazanmak üçin çaknyşmaga dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Ysraýylyň aşa sagçy Milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Gaza hüjüm guramaga başlan gününden bäri Gaza Sektorynyň töwereklerinde, Günbatar Şeriadaky we Liwan serhedinde ysraýyllylaryň ýaraglandyrylmagy syýasatyny alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Ýaralanan Ysraýylly Esgerleriň Sany 4 Müň 881-e Ýetdi
Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
“BMGHG-niň Ysraýyly Duruzmak Üçin Eýsem Näme Garaşýandygyny Bilesimiz Gelýär”
Arap Bileleşigi: "Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda genosidi we deportasiýa etmegi maksat edinýär"
Eýran Günbataryň Sanksiýalaryny Ýazgardy
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar