Ysraýyllylar ynsanperwer kömek daşaýan ulag kerwenlerine päsgel berýärler

Ysraýyllylar ynsanperwer kömek daşaýan ulag kerwenlerine päsgel berýärler

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä ysraýylly bir topar BMG-na degişli ynsanperwer kömek daşaýan ýük ulaglaryň Gaza girmegine päsgel bermek maksady bilen yzly-yzyna eýýäm 5 gün bäri Gazanyň günorta-gündogaryndaky Kerem Abu Salim gümrük geçelgesiniň öňünde demonstrasiýa geçirýärler.

Takmynan 2,3 million palestinalynyň ýaşaýan Gaza zolagy, 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň hüjümleriniň astynda.

Gazada ýaşaýan palestinalylar Ysraýylyň harby güýçleriniň guraýan hüjümleri we ynsanperwer kömek ýük ulaglarynyň sebite girmegine päsgel berýändigi üçin açlyga sezewardyrlar.

Gazada gytçylyk derejesine ýeten açlyk krizisine garaamzdan Ysraýylyň käbir raýatlary Gaza ynsanperwer kömek ugradylmagyna garşy durýarlar.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna guraýan hüjümlerinde azydnan 11 müňi çaga, 7500-i zenan bolmak bilen 26 müň 422 palestinaly öldürildi, 65 müň 87 palestinaly ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 9 Palestinalyny Boşatdy
Kerem Abu Salim Gümrük Geçelgesi Açyldy
Gaza Sektorynda Öldürlen BMG-nyň Işgärleriniň Sany 189-a Ýetdi
BMG Gaza Meselesinde Duýduryş Berdi
Gazada açlyk sebäpli 1 milliondan gowrak çaga ölüm howpy abanýar
Eflatun Soçide Geçirilen Halkara Film Festiwalynda Ünsleri Özünde Jemledi