Ysraýylly ministr Liwan Hizbullahynyň baş sekretarynyň öldürilmegi barada çagyryş berdi

Ysraýylly ministr Liwan Hizbullahynyň baş sekretarynyň öldürilmegi barada çagyryş berdi

Ysraýylly ministr Besalel Smotriç Liwan Hizbullahynyň baş sekretary Hasan Nasrallahyň Ysraýylyň goşunynyň 30-njy iýulda Liwanyň paýtagty Beýrut şäherindäki Dahiýe diýilýän ýerde öldürilen Hizbullahyň ýokary derejeli serkerdeleriniň biri bolan Fuad Şüküriň ýogalmagynyň 7-nji gününde geçirilen çärede eden çykyşy bilen bagly beýannama berdi.

Besalel Smotriç sosial media platformasy X hasabyndan beren beýannamasynda: "Ysraýyl Nasrallaha jogap bermeli däldir. Ysraýyl Nasrallahy ortadan aýyrmalydyr" diýip aýtdy.

Liwan Hizbullahynyň baş sekretary Hasan Nasrallah ady agzalan çärede eden çykyşynda Ysraýylyň 30-njy iýulda Beýrutda guralan hüjüme jogaby, ýeke özleriniň ýa-da Eýran tarapyndan goldanýan beýleki toparlar bilen berjekdiklerini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Ýakyn Gündogar Dartgynly Bolmagynda Galýar
Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi
Ysraýyl, Liwanyň Paýtagty Beýruda Howa Hüjümini Gurady
Ysraýyl-Hizbullah çaknyşygy Ýakyn Gündogary ýene-de bir gezek urşuň bosagasyna getirdi
Gündogaryň beýik akyldary
Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar