Ysraýylly Ministr Gaza Berilýän Ynsanperwer Kömeginiň Bes Edilmegini Isledi

Ysraýylly Ministr Gaza Berilýän Ynsanperwer Kömeginiň Bes Edilmegini Isledi

Ysraýylda aşa sagçy garaýyşlary bilen tanalýan Milli howpsuzlyk ministri Itamar Ben-Gwir, Gaza Sektorynda guraýan hüjümlerini artdyrmak üçin sebite berilýän ynsanperwer kömeginiň “bir ýa-da iki aý” bes edilmelidigini öňe sürdi.

Itamar Ben-Gwir, harby goşunyň radiosyna beren beýannamasynda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerini güýçlendirmelidigini nygtady.

Ysraýylyň Gaza berilýän ynsanperwer kömegini bes etmelidigini aýdan Ben-Gwir “Gazy kesmek, ynsanperwer kömegi ýok diýmek” ýaly. Bir-iki ynsanperwer kömeginiň berilmegini bes edeliň”diýdi.

Aşa sagçy Itamar Ben-Gwir soňky döwürde Premýer-ministr Binýamin Netanýahu bilen Gazada ýesir çalşygy we hüjümleriň bes edilmegi meselesinde uly dartgynlygy başdan geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Ysraýylly oppozision lider Netanýaha Gaza ylalaşygyny tamamlamagy üçin çagyryş etdi
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Müsüriň Prezidenti Sisi, Ýewropa Ýurtlarynyň Ysraýyla Basyş Etmegini Isledi