Ysraýylly esgerler tiz kömege garaşýan palestinalyny öldürdiler

Ysraýylly esgerler tiz kömege garaşýan palestinalyny öldürdiler

Ýerli habar çeşmelerinden alynan maglumata görä ysraýylly esgerler Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Jenin şäheriniň Kefr Dan obasynda reýd geçirdi.

Reýtde palestinalylar bilen ysraýylly esgerleriň arasynda çaknyşyk başdan geçirildi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, 3 palestinalynyň Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen reýtde öldürilendigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan ysraýylly esgerleriň geçiren reýdinde bir palestinalyny öldüren pursatlary sosial mediada paýlaşyldy.

Wideo materialda ýaraly ýagdaýda ýerde ýatan we agyrydan ýaňa uwlaýan palestinaly ýaş oglanyň "Tiz kömek" diýip töwerekden kömek soraýandygy eşidilýär.

Şol wagt ysraýylly esgerleriň ýaraly ýagdaýda ýerde ýatan palestinaly ýaş oglana ot açmaga dowam edýändigini eşidip bolýar.

Kelemesini çöwüren palestinaly ýaş oglanyň birnäçe wagt soň hereketsiz ýatandygyny, ýanynda ýa-da töwereginde hiç hili ýaragyň bolmandygyny görüp bolýar.

Öldürilen palestinaly ýaş oglanyň Ahmad Samudidigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Kimçi koreýleriň syrly işdäaçary
Yssy howada adam bedenine peýdaly witaminler
Türkmenistan dymýar we koronawirusa garşy göreşýär
Şu ýyl gök-bakja ekinleri artygy bilen taýýarlandy
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi bilen Aşgabadyň bazarlarynyň bazary sowuldy’