Ysraýylly esgerler palestinaly ýetginjegi harby ulaga daňyp janly galkan hökmünde ulandylar

Ysraýylly esgerler palestinaly ýetginjegi harby ulaga daňyp janly galkan hökmünde ulandylar

Palestinanyň döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, şäherde soňky 2 günde 2-nji gezek reýd geçirýän ysraýylly esgerler öýleriň birini gabaw astyna aldylar.

Habarda gabaw astyna alynan öýüň töwereginde çaknyşyklaryň başdan geçirilendigine ünsleri çekip, Ysraýylyň goşunynyň öýe kamikaze dron bilen hüjüm gurandygy mälim edildi.

Sosial media ulgamynda görkezilen materialda, şäherde reýdler geçirýän ysraýylly esgerler tarapyndan göz tussaglygyna alynan palestinaly ýetginjekleriň biriniň harby ulaga daňylyp janly galkan hökmünde ulanylandygyny görüp bolýar.

Ysraýylly esgerler 22-nji iýunda hem Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Jebin şäherinde geçiren reýdinde ýaralanan palestinaly ýetginjekleriň birini harby ulaga daňyp, "janly galkan" hökmünde ulanypdy.

Ysraýylyň harby güýçleriniň Tulkerim bilen birlikde Al Halil şäherini hem öz içine alýan hüjümlerinde düýn 7 palestinaly ýogalypdy.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň ýerlerini ellerinden alan ysraýyllylaryň guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 585-e ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Günbatar Şeriada geçirýän reýdlerini dowam etdirýär
Hamas: "Hukuklarymyzy almasak durnuklylyk bolmaz" diýdi
Ysraýylyň, Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 25 Müň Adamdan Geçdi
“Gazadaky söweşi dowam etdireris”
Türkiyede we dünýäde Oraza baýramy giňden bellenilip geçilýär
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi