Ysraýylly esgerler iki palestinalyny öldürdiler

Ysraýylly esgerler iki palestinalyny öldürdiler

Tulkerim şäherindäki Sabit hassahanasyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Ysraýylly esgerleriň oklarynyň nyşanasyna öwrülen 21 ýaşyndaky Ýusuf Abduddaim şehit boldy" diýip haber berildi.

Şaýatlaryň habar bermegine görä ysraýylly esgerler Tulkerim şäheriniň golaýyndaky Zenabe etrapçasynda reýd geçirdi.

Reýdlerde binalaryň üçeklerine snaýperler ýerleşdirildi, etrapçadaky ençeme öýde gözleg işleri geçirildi.

Ysraýylly snaýperleriň çem gelen ýere ot açmagy netijesinde, Tulkerimdäki Palestinanyň Huduri uniwersitetiniň Inženerçilik fakultetiniň talyby Ýusuf Abduddaim ýogaldy.

Ysraýylyň goşuny mundan başgada basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Tubas şäheriniň golaýynda ýerleşýän Al-Faria bosgun düşelgesinde reýd geçirdi.

Palestinanyň WAFA habarlar agentliginiň habar bermegine görä ysraýylly esgerlere Al-Faria bosgun düşelgesinde palestinalylara degişli öýlerde reýdler geçirdiler.

Ysraýylly esgerler reýdlere nägilelik görkezen palestinalylara garşy hakyky oklary ulanyp ot açdylar.

Ot açylmagyň netijesinde 15 ýaşyndaky Mahmud Nibrasi öldürildi, 4 palestinaly bolsa ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek mejlisine gatnaşar
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň Şuşada geçiriljek medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar
Türkmenistan Şuşada TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşar