Ysraýylly esgerler göni ýaýlymda palestinaly çagany öldürdiler

Ysraýylly esgerler göni ýaýlymda palestinaly çagany öldürdiler

Ysraýylyň harby güýçleri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Kalendiýa sebitindäki bosgun çadyr düşelgesinde geçiren reýdinde 1 çagany öldürmekleri, TRT-nyň kamerasyna düşürildi.

Bosgun düşelgesinde reýd geçiren ysraýylly esgerlere çem gelen ýere ot açdylar.

Geçirilen reýtde 12 ýaşyndaky palestinaly Sami Haşim garnyndan agyr ýaralandy. Şol mahallar hadysalar TRT topary tarapyndan ýazga alynýardy.

Çaga tiz kömek ulagy bilen Palestina Lukmançylyk merkezine alynyp gidildi, emma edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi.

Ysraýylly esgerler garşylyk görkezen palestinalylary ellerini we gözlerini daňyp, adamkärçiliksiz ýagdaýda göz tussaglygyna alýarlar.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri göz tussaglygyna alynan palestinalylaryň sany 11 müň 100 adamdan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TRT World Forum-2024 Stambulda Geçirler
Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?