Ysraýylly esgerler bir palestinaly çagany öldürdiler

Ysraýylly esgerler bir palestinaly çagany öldürdiler

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä, Ysraýylly esgerler şu gün irden Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde operasiýa geçirdiler.

Operasiýada 17 ýaşyndaky palestinaly Hamza al-Aşkar, ysraýylly esgerler tarapyndan kellesinden od açylyp öldürildi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda, şu gün irden Günbatar Şerianyň tapawutly nokatlarynda operasiýalaryň geçirilendigi habar berildi.

Beýanatda operasiýada käbir palestinalylaryň ysraýylly esgerlere daş we molotow kokteýlini zyňandyklary mälim edildi.

Operasiýada 4 palestinalynyň göz tussaglygyna alynandygy bellenen beýanatda, ysraýylly esgerlere od açandygy öňe sürülen 1 adamyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Ysraýylly esgerler we jöhit ýaşaýjylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 2023-nji ýylyň başyndan bäri aralarynda 1 zenan we 9 çaga hem bolan jemi 42 palestinaly öldürildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede uly göwrümli zamun çalşygy amala aşyryldy
Soňky Bir Hepde-de 62 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Pakistanda terrora garşy operasiýa geçirildi
Terrora Uly Zarba Urulýar
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi