Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy

Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy

Ysraýylyň harby goşuny, 61 ýyllyk Baas ulgamynyň agdarylmagyndan soň Siriýa garşy azyndan 250 ýere howa hüjümini gurady.

Ysraýylyň harby radiosynyň berýän habarynda, Başar Asadyň agdarylmagyndan soň Ysraýylyň Siriýa garşy taryhynyň iň uly howa operasiýalaryndan birini gurandygy nygtaldy.

Ysraýylyň howa hüjümlerinde Siriýada 250 ýeri nyşana alandygy bellenildi.

Habarda şol howa hüjümlerinde Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby merkeziň, onlarça harby uçaryň, raketa goranyş ulgamlarynyň, ýarag önümçilik merkeziniň we ammaryň nyşana alynandygy öňe sürüldi.

“Ýediot Ahronot” gazetiniň habarynda bolsa, “Ysraýyl 50 ýyl soň ilkinji gezek Siriýada howa merkezlerine hüjüm gurady” diýildi.

Ysraýylyň harby goşuny hem, Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň we Goranmak ministri Katsyň görkezmesi boýunça basyp alyşlyk astyndaky Golan depelerindäki araçäk zolaga giripdi.

Netanýahu, Siriýada Baas dolanlygynyň agdarylamgyndan soň Golan depeleriniň Ysraýyň bitewi bölegi bolmagynda galjakdygyny öňe sürdi.

Ysraýyl, Siriýa degişli bolan Golan depelerini 1967-nji ýyldan bäri basyp alyşlyk astynda tutýar.

1974-nji ýylda Ysraýyl bilen Siriýanyň arasynda baglaşylan Güýçleriň Çekilmegi şertnamasy bilen araçäk zolak döredilipdi we ýaragdan saplanan sebitiň çäkleri kesgitlenipdi.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Wagner Bahmut Sebitinden Çekilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy
ÝÇL: çärýek finalçylar garşydaşlaryny bildiler
Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 14 Adama Ýetdi