Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy

Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanyň paýtagty Beýrudyň merkezine guran hüjüminde 22 adam ýogaldy, 117 adam ýaralandy.

Beýrudyň merkezinde 2 partlama boldy.

Şaýatlarlara görä, hüjümde nyşana alynan bina ýykyldy, golaýdaky ýaşaýyş jaýlaryna we ulaglara zeper ýetirildi.

Liwanyň Saglygy ministrligi, hüjümde 22 adamyň ýogalandygyny, 117 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Kanal 12 teleýaýlymynyň habarynda, hüjümde Ysraýylyň 27-nji sentýabrda guran howa hüjüminde ýogalan Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Nasrallahyň gaýyn agasy we Hizbullahyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan Wafik Safanyň nyşana alynandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýyl tarapyndan öldürilen Hizbullanyň liderini hatyralamak üçin jemlenşdiler
“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
Ysraýyl Liwan bilen gazanylan ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozýar
Ysraýyl ýaraşygy bozup, Liwanda azyndan dokuz adamy öldürdi
Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ysraýyl günorta Siriýa howa hüjümlerini guraýar