Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär

Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär

Ysraýylda Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Gazada hüjümleriň bes edilmegini we ýesir çalşygyny bökdeýändigi sebäpli geçirilýän protest ýörişleri onmüňlerçe adamyň gatnaşmagynda ikinji gününde hem dowam etdi.

Günbatar Iýerusalimiň we Tel-Awiwiň başda durmagynda Haýfada we Netanýahunyň öýüniň öňünde bir ýere jemlenşen onmüňlerçe adam, Gazadaky ysraýylly ýesirleriň ýogalmagyndan Netanýahu bilen hökümetiniň jogapkärdigini nygtady.

Ysraýylyň baýdagyny göteren protestçylar, Premýer-ministr Netanýahuýa we hökümetindäki syýasatçylara garşy şygarlar aýtdy.

Protestçylar, ysraýylly ýesirleriň gysga wagtda öýlerine dolanmaklary üçin çagyryş berdi.

Käbir ýerlerde ýollary gatnawa ýapyp, ot ýakan protestçylara howpsuzlyk güýçleri garşylyk görkezdi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri protest ýörişlerinde 6 adamyň saklanandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşuny, Gaza Sektorynyň Rafah şäherinde bir tunelde ysraýylly 6 ýesiriň jesediniň tapylandygyny mälim edipdi.

Hamas, ysraýylly 6 ýesiriň amerikan ýaraglary bilen palestin halkyny gyrgyna berýän Ysraýylyň bombaly hüjümlerinde ýogalandygyny aýan edipdi.

Gazadaky ysraýylly ýesirleriň hossarlary tarapyndan döredilen gurama bolsa, hüjümlerini dowam etdirýän we ýesir çalşygy şertnamasyny bökdeýän Premýer-ministr Netanýahunyň ysraýylly 6 ýesiriň ýogalmagyndan jogapkärdigini nygtaýar.

Netanýahu bolsa hökümetiň galan ýesirleriň boşadylmagy üçin ylalaşyk gazanmak isleýändigini emma Hamasyň bu meselä garşydygyny öňe sürüpdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Ysraýylda Hökümete Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Ýöriş Geçirdi
Ýüzlerçe adam Netanýahuny protest etmek üçin Tel-Awiwe ýöriş etdi
Makron Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi