Ysraýylda ýüz müňlerçe adam, Gazada hüjümleriň bes edilmegini islemeýän we ýesir çalşygy şertnamasyna bökdeýän Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy protest ýörişini geçirdi.
Gaza Sektoryndaky ysraýylly ýesirlerden 6 adamyň jesediniň tapylandygynyň mälim edilmeginden soň, ýesir çalşygy şertnamasyny we hüjümleriň bes edilmegini bökdeýän Premýer-ministr Netanýahuýa we hökümetine garşy protest ýörişleri başlady.
Ýörişleriň merkezi paýtagt Tel-Awiwde Goranmak ministrliginiň ýerleşýän köçesi boldy.
Paýtagtda geçirlen ýörişlere 300 müň adamyň, umuman alnanda ýurduň çar tarapynda geçirlen ýörişlere bolsa 500 müňden gowrak adamyň gatnaşandygy nygtaldy.
Goranmak ministrliginiň öňüne 6 ýesir üçin Ysraýylyň baýdagyna oralan 6 tabyt ýerleşdirildi.
Ýörişlerde ýesir çalşygyny bökdeýän Netanýahu we hökümeti berk tankyt edildi.
Ysraýylyň iň uly işçi kärdeşler arkalaşyogynyň başlygy Arnon Bar-Dewid, çykyşynda, ýurduň çar tarapynda iş taşlaýyşyň yglan ediljekdigini nygtap “Ertir Ysraýyl işe gitmez, portlar, fabrikler we ofisler ýapyk bolar” diýdi.
Ýörişde Ysraýylyň baýragyny göteren protestçylar, Premýer-ministr Netanýahuýa we hökümetindäki syýasatçyalra garşy şygarlar aýtdy.
Protest ýörişinde ysraýylly ýesirleriň gyssagly boşadylmagy üçin çagyryş berildi.
Protestçylar paýtagtda geçiren ýörişlerinde şäheriň esasy ýollaryny gatnawa ýapdy.
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.
Howpsuzlyk güýçleri Tel-Awiwde 15 adamyň saklanandygyny aýan etdi.
Haýfa şäherinde bir ýere jemlenşen onmüňlerçe adam şäher merkezindäki ýollary gatnawa ýapyp, ot ýakdy.