Ysraýyla Goşmaça 10 Müň Esger Gerek

Ysraýyla Goşmaça 10 Müň Esger Gerek

Ysraýylyň goşunynyň radiosy Ýoaw Gallandyň Mejlisiň Howpsuzlyk komitetindäki çykyşyny ýaýlyma berdi.

Gallant “Gyssagly 10 mün esger zerurlygymyz bar. 4,800 ultra prawoslaw ýehudini gulluga alarys” diýdi.

Ysraýylda ýaýlym berýän “Kanal 12-niň” habarynda bolsa hormatly dynç alyşa çykmak isleýän ofiserleriň sanynyň artýandygy beýan edildi.

Ysraýylyň goşunynda ýylda ortaça 100-120 aralygynda kapitan we maýor hormatly dynç alyşa çykýan bolsa, Ysraýylyň 7-nji oktýabrda Gazada başladan hüjümlerinden bäri şol çinlere eýe bolan 900-e barabar gullukçynyň şertnamalaryny bes etmegi talap edendigi habar berildi.

Goşunyň Hamas bilen çaknyşyklardaky başarnyksyzlygyna üns çekilýän habarda, ysraýylly esgerleriň göwniçökgündigi, halkyň we käbir syýasatçylaryň goşuny abraýdan gaçyrandygy, ofiserleri wezipeden saklamakda kynçylyk çekilýandigi bellenilýär.

Ysraýylyň Ýokary kazyýeti 25-nji iýunda Ultra prawoslaw ýehudi erkekleriň harby gullukdan boşladylmagynyň kanuny esasynyň ýokdugyna we harby gulluga ukyply bolanlaryň gulluga çagyrylmagyna karar beripdi.

Esasy bölegi dini sebäplerden harby gulluga gitmegi kabul etmeýän prawoslaw ýehudiler 9 million ilatly ýurtda ilatyň 12 göterimini emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny
Ysraýylly ministr Smotriç Gaza alynmasa hökümetden çekiljekdigini beýan etdi
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza Hüjümleri Dowam Edýär