Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär

Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär

On müňlerçe adam ýurduň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň wezipesinden çekilmegini we ýesir çalşygynyň amala aşyrylmagyny talap edip ýaňadandan meýdançalarda jemlenişdiler.

Ýurduň paýtagty Tel-Awiw şäheri başda bolmak bilen köp sanda şäherde Netanýahu we hökümediň düzümindäki syýasatçylara garşy ýazgyly şygarlar açyldy.

Atly polisiýa işgärleri demonstrantlara garşy berk çäreler gördüler, käbir demonstrantlary göz tussaglygyna aldylar.

ABŞ-da hem Ysraýylyň Gazadaky genosidi protest edildi.

ABŞ-da eýýäm ençeme aý bäri dowam edýän protestleriň bu gezekgi salgysy Ysraýylyň Waşington şäherindäki ilçihanasynyň öňi boldy.

Protestçiler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada şehit edilen Aýşenur Ezgi Eýgini hem ýatdan çykarmadylar, Eýginiň suratyny göterdiler.

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde hem Palestina bilen raýdaşlyk demonstrasiýasy geçirildi.

"Gazada çagalar öldürilýär" ýazgyly şygarlar göteren protestçiler, genosid jenaýatçysy Ysraýylyň edýän harby jenaýatlarynyň duruzulmagyny islediler.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Ysraýylda Hökümete Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Hamas Ysraýylyň Ylalaşygyň Öňüne Bökdençlikler Goýýandygyny Beýan Etdi
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi