Ysraýyla degişli uçar Antalýa gondy

Ysraýyla degişli uçar Antalýa gondy

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinden Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiw şäherine barýan merkezi Ysraýylda ýerleşýän El Al howa ýollary käthanasyna degişli uçar, Antalýa howa menziline adatdan daşary ýagdaýda gondy.

Diplomatik habar çeşmeleri El Al howa ýollary kärhanasyna degişli uçar bilen baglanşykly: "Kesellän bir ýolagçy sebäpli uçaryň adatdan daşary ýagdaýda gonmagyna rugsat berildi. Ynsanperwer ýagdaýlar sebäpli uçar ýangyç bilen üpjün ediljekdi, emma degişli tertip tamamlanyp barýarka, uçaryň uçarmany öz razyçylygy bilen howa menzilinden çykmak barada karara geldi" diýip habar berildi.

Ysraýylyň metbugatynda berilen käbir habarlarda bolsa, howa ýollary kärhanasynyň merkeziniň Ysraýylda bolmagy sebäpli Antalýa howa menzilindäki resmileriň uçary ýangyç bilen üpjün etmegi ret edendikleri öňe sürülipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi
Ysraýyl howa giňişligini ýapdy
Tel-Awiwe Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Makron Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi