“Ysraýyla Basyş Edilmegi Diýseň Möhüm”

“Ysraýyla Basyş Edilmegi Diýseň Möhüm”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gaza guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Ysraýyla basyş etmeginiň diýseň möhümdigini belledi.

Daşary işler ministri Fidan, TBMM-niň Bujet komissiýasynda eden çykyşynda “Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde häzire çenli 12 müňe golaý palestinaly ýogaldy. Metjitleriň bombalanmagy asla kabul edilmesiz. Yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin birlikde tagalla etmäge dowam ederis. Gaza guraýan hüjümlerini bes etmegi üçin sebitde ýerleşýän ýurtlaryň Ysraýyla basyş etmegi diýseň möhüm. 1967-nji ýyldaki serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwleti gurulmaly” diýdi.

Hakan Fidan, Türkiýäniň, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli Gaza üçin beren 11 uçarlyk ynsanperwer kömeginiň Müsüre barandygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Uolles Şon Ysraýyly nasistlere meňzetdi
Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi