BMG, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli azyk ýetmetçiligini başdan geçirýän Gaza Sektoryna geçen aý günde ortaça 159 sany ynsanperwer kömek konteýneriniň girendigini habar berdi.
BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara ýardam gullugy, Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, Ysraýylyň açlyga garşy göreşýän Gaza mart aýynda günde ortaça diňe 159 ynsanperwer kömek konteýneriniň girmegine rugsat berendigini emma bu sanyň gaty azdygy nygtaldy.
Habarnamada, “Ynsanper kömeginiň Gaza Sektorynyň halkyna ýetirilmegindäki bökdençlikler sebäpli ýagdaý howply bolmagynda galýar” diýildi.
Dünýä ýurtlaryndan Müsürden üstaşyr Gaza ýetirilmegi üçin ugradylan ynsanperwer kömeginiň esasy bölegi Ysraýylyň bökdençiligi sebäpli Müsürde garaşýar.
Ysraýyl, Müsür serhedindäki Refah gürmük geçelgesinden Gaza ynsanperwer kömeginiň girmegine rugsat bermegi üçin berilýän çagyryşlara gulak asmaýar.
ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Laýen 14-nji martda X sosial media hasabyndan beren habarnamasynda, “Häzirki wagtda Gaza günde azyndan 500 konteýnerlik ynsanperwer kömegi berilmeli” diýipdi.