
Ysraýylyň harby goşuny, hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan Liwanyň gündogarynda ýerleşýän Bekaa jülgesine howa hüjümini gurady.
Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, Liwanyň gündogarynda ýerleşýän Bekaa jülgesine howa hüjüminiň guralandygyny mälim etdi.
Beýannamada, hüjümiň guralan sebitinde Hizbullaha degişli tuneliň bardygy öňe sürüldi we tunelden hüjüm maksatly harby enjamyň daşalýandygy bellenildi.
Liwanyň resmi habarlar gullugy NNA bolsa Ysraýylyň harby goşunynyň Bekaada ýerleşýän Kaldus Seba etrabynda bir öýü nyşana alandygyny habar berdi.
Hüjümlerde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada maglumat berilmedi.
Liwan bilen Ysraýyl 27-nji noýabrda hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.
Ylalaşygyň çäginde Ysraýylyň harby goşuny 60 günüň dowamynda Liwanyň günortasynda basyp alan ýerlerinden çekilmelidi.
Emma Ysraýyl, Liwanyň harby goşunynyň ýurduň günortasyna doly ýerleşmändigini öňe sürüp, basyp alyşlyk möhledini 18-nji fewrala çenli uzadypdy.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannama görä, ylalaşykdan soň Ysraýylyň harby goşunynyň guran hüjümlerinde 75 adam ýogaldy, 267 adam hem ýaralandy.