Ysraýylyň goşuny Gazadaky gyrgynçylygyny dowam etdirýärkä Günorta Liwanda-da basyp alyşy giňeltmegiň ugrunda.Goşun birnäçe wagtdan bäri serhet zolagynda Hizbulla degişli pozisiýalara garşy operasiýalar geçirip, sebitdäki gözegçiligini artdyrýar.
Ysraýylyň iki fronda söweşmekde kynçylyk çekmäge başlandygy we agyr ýitgiler çekýändigi görülýär.Ysraýyl bulara garamazdan Siriýada-da Golan-Kuneýtra ugrunda ara zolak döretmegiň kül-külünde.Bir tarapdan bolsa Eýrana howa operasiýasy üçin taýýarlyk görýär.
Netanýahu we onuň harby kabineti uly humar oýnaýar.
Netanýahu we onuň harby kabineti Ysraýylyň güýjüne zor salyp, uly humar oýnaýar.Ysraýylyň goşuny häzirki wagtda Gazada we Günorta Liwanda guryýer urşunda.Gazada Kassam birgadalary asimmetriki göreşini dowam etdirýän bolsa, Ysraýylyň gury ýer goşunyna agyr ýitgi çekdirýär.
Günorta Liwanda-da Hizbullanyň partizan görnüşli göreşi günsaýyn güýçlenýär we Ysraýylyn gyşuny bu frontda-da ýitgiler çekýär.Goşunyň ikä bölünmegi, harby howa güýçlerini we tehniki şertlere agram salýan ýagdaýy ýüze çykardy.
Ysraýylyň media organlarynyň habar bermegine görä goşun tank we artilleriýa ok-därilerinde uly ýetmezçiligi başdan geçirýär.Hizbulla raketa we kamikadze dron hüjümlerini artdyrmaga başlady.gurama Haýfada we töwereklerini hem bombalap, Ysraýyla agyr zarba urýar.
Soňky gezek Günorta Haýfada azyndan 50 kilometr içerdäki Gloni bazasynyň kamikadze dronlar bilen urulmagy netijesinde köp sanly Ysraýyl esgeri öldi we ýaralandy. 2 frontda-da şeýle ýagdaýlar dowam edýärkä Ysrakdaky Yslamy göreş we Ýemendäki Ensarulla hereketi hem wagtal-wagtal Ysraýyly nyşana almaga dowam edýär.
Ysraýyl bolsa Siriýada Golan-Kuneýra sebitinde ara zolak döretmek üçin iş alyp barýar.Elbetde Eýrana garşy uly howa operasiýasy üçin taýýarlkyk görýär.ABŞ-nyň ýokary belentlikli howa goranyş ulgamlary THAAD Ysraýyla gelip ýetdi.
Ysraýyl islendik pursatda Eýrana hüjüme başlap biler.Eýranyň bu hüjüme garşy görkezmegine garaşylýar.
ABŞ-nyn çäksiz goldawyna garamazdan agzalan frontlarda şolbir wagtda uzage çekçek urşa tarap barýan Ysraýylyň goşunynyň we elbetde halkynyň ýene-de näçe wagt çydap biljekdigi esasy sorag bolup durýar. Netanýahu we hökümet uly humar oýnaýar, ölmeli ýa-da almaly düşünjesi bilen hereket edýär. Emma humarbazlaryň nähili bolanda-da soňunda utdurýarlar…