
Ysraýylyň, Siriýanyň Banýas etrabyna guran howa hüjüminde 1 çaganyň ýogalandygy, asuda ilatdan 10 adamyň hem ýaralanandygy öňe sürüldi.
Siriýanyň habarlar gullugy SANA-nyň berýän habaryna görä, ýerli wagt bilen 19.30-da Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Banýasda bir bina howa hüjümi guraldy.
Habarda “Hüjümde 1 çaga ýogaldy, asuda ilatdan 10 adam ýaralandy”diýildi.
Ysraýylly ýolbaşçylar tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.
Nyşana alynan sebitde, Siriýanyň goşuny we Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlar bilen birlikde Hizbullahyň iş alyp barýandygy bilinýär.
Ysraýyl, içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri Siriýada wagtal-wagtal Eýran tarapyndan goldanýan toparlara we Siriýanyň harby goşunyna degişli harby merkezlere howa hüjümini guraýar.