“Ysraýyl Parahatçylyk Isleýänleri Hem Nyşana Alýar”

“Ysraýyl Parahatçylyk Isleýänleri Hem Nyşana Alýar”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýäniň raýaty meýletin Aýşenur Ezgi Eýginiň ysraýylly esgerler tarapyndan öldürilmeginiň, Ysraýylyň parahatçylyk isleýänleri hem nyşana alýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Arap Ligasynyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň Müsüriň paýtagty Kairde geçirlen 162-nji maslahatyna gatnaşan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

6-njy sentýabrda ysraýylly esgerler tarapyndan öldürlen Türkiýäniň we Amerikanyň raýaty bolan Aýşenur Ezgi Eýgi hakynda durup geçen Fidan, Gazada başdan geçirilýän wakalaryň wyždanly her bir adamy çuňňur gynandyrýandygyny nygtady.

Eýgä Alladan rehnet dilän Fidan, Eýginiň öldürilmegi barada “Bu waka, Ysraýylyň parahatçylyk isleýänleri hem nyşana alýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Waka boýunça gozgalan iş bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis. Aýşenur doganymyzyň hossarlaryna uly gynanç bildirýäris” diýdi.

Türkiýäniň we Amerikanyň raýaty bolan Aýşenur Ezgi Eýgi 6-njy sentýabrda basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Nablus şäheriniň Beýta etrapçasynda basyp alyşlyga garşy geçirlen protest ýörişinde ysraýylly esgerler tarapyndan od açylandygy sebäpli ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Erdogan Kuweýdiň Emirini Döwlet Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy