Ysraýyl, Palestinaly 902 Maşgalany Dolulygyna Ýok Etdi

Ysraýyl, Palestinaly 902 Maşgalany Dolulygyna Ýok Etdi

Ysraýylyň harby goşuny, 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde palestinaly 902 maşgalany dolulygyna ýok etdi.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň Gazada ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň goldaw bermeginde guraýan hüjümlerinde halkara derejesinde gadagan edilen ýaraglaryň ulanylýandygy ýatladyldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynda bir ýyla golaý wagt bäri guraýan hüjümlerinde palestinaly 902 maşgalanyň ähli agzalaryny dolulygyna ýok edendigi bellenildi.

Beýannamada, Ysraýylyň palestin halkyna garşy edýän jenaýatlarynyň we genosidiň dünýä ýurtlary tarapyndan berk ýazgarylmagyna garaşylýandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň eden etmişleri sebäpli kazyýet işiniň gozgalmagy we genosidiň bes edilmegi üçin ABŞ-na we Ysraýyla basyş edilmegi boýunça ýene-de bir gezek çagyryş berildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada 196 Žurnalist Öldürildi
Ysraýyl Gaza zolagynda palestinalylara hüjüm guramaga dowam edýär
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýyl Gazadaky palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär