Ysraýyl Palestinaly 90 Tussaglyny Boşatdy

Ysraýyl Palestinaly 90 Tussaglyny Boşatdy

Ysraýyl Hamas bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda palestinaly 90 tussaglyny boşatdy.

Hamasyň Ysraýyl bilen hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy boýunça gazanan ylalaşygyna laýyklykda ysraýyly 3 ýesiri boşatmagyndan soň Ysraýyl hem palestinaly 90 tussaglyny boşatdy.

Hamas tarapyndan boşadylan 3 ýesiriň ýerine Günbatar Şeriadaky Ramallah şäheriniň golaýynda ýerleşýän Ofer harby tussaghanasyndan palestinaly 90 tussagly boşadyldy.

Palestinanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tussaglylaryň 69-nyň zenan, 20-niň çaga, biriniň bolsa ýetginjekdigini habar berdi.

Boşadylan palestinalylardan 78-niň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada, 12-niň bolsa basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde ýaşaýandygy nygtaldy.

Hamasyň Izzeddin Al Kassam atly harby topary ylalaşygyň güýje girmeginden soň ysraýylly 3 ýesiri boşadypdy.

Ysraýylyň harby goşuny boşadylan Romi Goneniň, Emili Damariniň we Doron Steinberçeriň Ysraýyla gelendigini mälim edipdi.

Ünsler, ylalaşygyň çäginde birinji etapda 90 palestinaly tussaglyny boşatmagy wada beren Ysraýyla gönükdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär
ITEA Halkara akademiýasy aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan Açyk gapylar gününi geçirýär
Italiýaly daýhanlar sil sebäpli 400 müň tonna däne hasylyny ýitirdiler
Italiýada sil joşgunlary dowam edýär
Formula-1-iň Italiýa tapgyry sil sebäpli ýatyryldy