Ysraýyl Ozal Howpsyz Zolak Hökmünde Yglan Edilen Sebitiň Boşadylmagyny Isledi

Ysraýyl Ozal Howpsyz Zolak Hökmünde Yglan Edilen Sebitiň Boşadylmagyny Isledi

Ysraýyl, 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän hüjümler sebäpli Gaza Sektorynda ozal “howpsuz zolak” hökmünde yglan edilen sebite operasiýa gurajakdygyny mälim etdi we palestinalylaryň gyssagly sebitden çekilmegini isledi.

Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Awiçaý Adrai, sosial mediadan beren habarnamasynda, Gazanyň Han Ýunus şäheriniň gündogarynda ozal howpsuz zolak hökmünde yglan edilen käbir ýerlere operasiýa guraljakdygyny mälim etdi we sebitiň ýaşaýjylarynyň sebiti terk etmekleri üçin çagyryş berdi.

Adrai, Ysraýylyň howpsuz zolagyň çägini daraldyp, bir bölegine hüjüm gurajakdygyny ýatlatdy we palestinalylaryň gyssagly we wagtlaýyn Al Mewasi gitmeklerini isledi.

Adrai, 1-nji iýulda hem Palestinalylaryň Han Ýunus şäheriniň gündogaryndaky sebitleri “howpsuz zolak” üçin gyssagly boşadylmagy barada beýannama beripdi.

Ysraýylyň harby goşunynyň ozal howpsuz zolak hökmünde yglan edilen Gaza Sektorynyň Han Ýunus şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Al Mewasi etrapçasyna 13-nji iýulda guran hüjüminde ýarysy zenanlardan we çagalardan ybarat 90 palestinaly ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly 3 Ýesir Boşadyldy
Hamas Ysraýylyň bombardymanynda öldürilen dört ýesiriň jesedini gowşurdy
Gaza zolagynda ot açmazlyk baradaky ylalaşyk güýje girdi
Ysraýylyň gaçybatalga guran hüjüminde 4 çaga öldi, köp sanly adam ýaralandy
Gazada palestinaly 3 bäbejik doňdy
Ysraýyl Gazada guran hüjüminde TRT-niň işgäri ýaralandy