Ysraýyl, Liwanyň Paýtagty Beýruda Howa Hüjümini Gurady

Ysraýyl, Liwanyň Paýtagty Beýruda Howa Hüjümini Gurady

Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanyň paýtagty Beýruda guran howa hüjüminde Hizbullahyň serkerdelerinden Fuad Şükür öldürildi.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, howa hüjüminde öldürlen serkerdäniň Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallahyň “sag elidigi” öňe sürüldi.

Beýannamada, serkerde Fuad Şüküriň “8-nji oktýabrdan bäri Ysraýyla garşy guralýan hüjümleri gönükdirýändigi we 27-nji iýulda Mejdel Şemse guralan hüjümiň jogapkärdigi” öňe sürüldi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, Beýrudyň günortasynda Hizbullahyň Şura Mejlisiniň ýerleşýän ýeri bolan Huhreýk etrapçasynda bir bina dün agşam howa hüjümini gurapdy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň hüjüminde 1 adamyň ýogalandygy, 68 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Ysraýyl Günorta Liwanda 22 adamy Öldürdi
ABŞ: Liwan-Ysraýyl Ylalaşygy 18-nji Fewrala Çenli Uzaldyldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy
Hüjümleriň bes edilmeginden bäri Ysraýyl Gazada azyndan 118 palestinalyny öldürdi