Ysraýyl Liwanda Harby Merkeze Hüjüm Gurady

Ysraýyl Liwanda Harby Merkeze Hüjüm Gurady

Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikati, Ysraýylyň Liwandaky harby merkezleri nyşana almagynyň hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän tagallalary kabul etmeýändigi manysyny aňladýandygyny aýtdy.

Nejib Mikati, Ysraýylyň, Liwanyň günortasynda harby goşuna degişli merkezi nyşana alan hüjümi hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Mikati beýannamasynda, “Ysraýylyň, ýurduň günortasyndaky harby merkezi gönüden nyşana almagy, hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän ähli tagallalary we BMG-nyň 1701 belgili kararynyň ýerine ýetirilmegini kabul etmeýändigini açyk aýdyň görkezýär”diýdi.

Liwanyň harby goşunynyň X sosial media platformasyndan berlen beýannama görä, Ysraýylyň harby goşuny Al Amiriýe etrapçasynda ýerleşýän harby merkezi nyşana aldy.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1 esger ýogaldy, 18 esger hem ýaralandy.

Ysraýylyň harby goşuny hüjüme gynanç bildirýändigini we Liwanyň harby goşuny bilen söweşmeýändigini öňe sürüpdi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde 41 esger ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ysraýyl Liwan bilen gazanylan ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozýar
Ysraýyl ýaraşygy bozup, Liwanda azyndan dokuz adamy öldürdi
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy