Ysraýylyň goşunynyň Liwan bilen gazanan ylalaşygyň yglan edilen 27-nji noýabrdan bäri bozan düzgünleriniň sany 383-e ýetdi, şol düzgün bozmalarda 33 adam ýogaldy, 37 adam hem ýaralandy.
Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň goşunynyň ylalaşygyň 39-njy gününde düzgün bozmalaryny Liwanyň günortasyndaky Sur şäheri bilen Nebatiýede amala aşyrdy.
Ysraýylly esgerler ýollary ýapdylar, köp sanda öýleri we desgalary partlatdylar, uçarmansyz howa ulaglary pes belentlikde uçurdylar.
BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýjünden (UNIFIL) berilen beýanatda, Ysraýylyň goşunynyň Liwanyň Sur şäheriniň Lebbune etrapçasynda Liwan bilen Ysraýylyň arasyndaky yza çekiliş çyzygyny alamatlandyrýan gök barreli partladandygy we UNIFIL liniýalarynyň ýanynda ýerleşýän Liwanyň goşunyna degişli gözegçilik diňini ýumurandygy habar berildi.
Ysraýyl goşunynyň UNIFIL-e degişli enjamlar bilen Liwanyň goşunyna degişli infrastrukturany ýok etmegi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 1701 belgili rezolýusiýasy bilen halkara hukugynyň gödek düzgün bozulmasydygy beýan edildi.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri 1106-sy zenan we çaga, 222-si saglygy goraýyş işgäri bolmak bilen azyndan 4 müň adam ýogaldy, 16 müňden gowrak adam ýaralandy.
Liwan bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Liwanyň goşunynyň 60 günüň dowamynda Ysraýylyň Liwanyň günortasynda basyp alan sebitlerine tapgyrlaýyn görnüşde ýerleşmegi göz öňünde tutulýardy.
Emma ylalaşygyň düzgünlerini bozmaga dowam edýän Ysraýyl, şu günki güne çenli Ysraýylyň günortasynda diňe 2 etrapçadan çekildi.