Ysraýyl Liwana hüjüm guramaga dowam edýär

Ysraýyl Liwana hüjüm guramaga dowam edýär

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň ýurda garşy dowam edýän howa hüjümlerinde bolan adam pidalaryna ünsler çekildi.

Beýanatda Ysraýylyň düýn Liwana guran howa hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 55 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 156 adama ýetendigi mälim edildi.

Hizbullah bilen 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri gözegçilikli görnüşdäki çaknyşyklara dowam edýän Ysraýylyň goşuny, 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasyndaky şäherler bilen birlikde Bekaa we Baalbek sebitlerine ýüzlerçe gezek howa hüjümini gurady.

Liwanyň resmilerine görä Hizbullah tarapyndan ulanylan aragatnaşyk enjamlarynyň partladylan 17-nji sentýabrdan bäri 104-i çaga, 194-i zenan bolmak bilen jemi 1328 adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Tramp Netanýahuny gutlady
Ysraýyl Beýurda 11 Howa Hüjümini Gurady
Ysraýyl Beýrudy bombalaýar
Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Liwanyň paýtagty Beýrutda güýçli partlamalar boldy