Ysraýyl Liwana hüjüm gurady

Ysraýyl Liwana hüjüm gurady

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginedn berilen ýazmaça beýanata görä, Ysraýylyň goşunyna degişli harby uçarlar, Sur şäheriniň Syddykin etrabyndaky lukmançylyk merkezini nyşana alyp hüjüm guradylar. Hüjümde 1 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy.

Ysraýylyň goşunynyň ýurduň günortasyndaky Ensar şäherçesinde öýleriň birine guran howa hüjüminde bolsa 2 adam ýogaldy.

Mifidun şäherçesine guralan howa hüjüminde bolsa 5 adam ýogaldy, 1 adam ýaralandy.

Ysraýylyň goşunynyň Liwanyň günortasyndaky Nebatyýe welaýatynyň Sarbin etrabyna guran howa hüjüminde saglygy goraýyş edarasynyň 4 işgäri bilen asuda ilatdan ençeme adam ýaralandy.

Ýurduň günortasyndaky Marub etrapçasynda guralan hüjümde bolsa 2-siniň saglyk ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 4 adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Beýrudy bombalaýar
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
Liwanda Ysraýylyň Hüjümleri Sebäpli 2 Müň 83 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň Beýruda guran hüjümlerinde soňky 24 sagatda 37 adam ýogaldy