Ysraýyl Liwana Gury Ýer Hüjümini Gurady

Ysraýyl Liwana Gury Ýer Hüjümini Gurady

Ysraýylyň harby goşuny, Liwanda käbir merkezlere gury ýerden hüjüm gurandyklaryny habar berdi.

Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Daniel Hagari beren ýazmaça beýannamasynda, Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanyň günortasynda Hizbullaha degişli ýerlere çäkli gury ýer hüjümini başladandyklaryny aýtdy.

Beýannamada, gury ýer hüjümlerinde howa güýçleriniň we topçy toparyň hem goldaw berendigi nygtaldy.

“Demirgazygyň Oklary” operasiýasynyň Gazadaky çaknyşyklara paralelikde we soňky wakalara görä dowam etjekdigi bellenildi.

Ysraýylyň harby uçarlary, paýtagt Beýrudyň günortasynda Hizbullahyň galasy hökmünde görülýän Dahiýe etrapçasyndaky käbir ýerleriň boşadylmagy üçin çagyryş berdi, yzy ýanyndan hem şol ýerleri bombalamaga başlady.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň duşenbe güni Liwanyň günortasyndaky obalara we etrapçalara, Bekaa, Baalbek we paýtagt Baýruda guran hüjümlerinde 95 adamyň ýogalandygy, 172 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
Ysraýyl Beýrudy bombalaýar
Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana hüjüm gurady
Hakan Fidan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy barada beýannama berdi
Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar